bökelek bö‧ke‧lek

Zoologiýa Siňekleriň toparyndan bolan, haýwanlary dişleýän, gögeýine meňzeş möjejik.

  • Edil bökelek ýaly hemmämize ulukjyn berýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Edil bökelek dişlän ýaly, ýüzüni turşadyşyna seret! (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bökelek - bökelegi.


Duş gelýän formalary
  • bökelegi
  • bökelekler
  • bökelekleriň