bäşýyllyk bäş‧ýyl‧lyk

Bäş ýyl möhlet, bäş ýyl içinde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan (iş, plan).

  • Ol birinji nobatda şu bäşýyllygyň öňüsyra kolhozyň boluş ýagdaýyny gürrüň etdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bäşýyllyk - bäşýyllygy.


Duş gelýän formalary
  • bäşýyllygymyz
  • bäşýyllygyň
  • bäşýyllykda
  • bäşýyllyklary
  • bäşýyllyklaryň