azyk-suwluk a‧zyk-suw‧luk

[a:zyk-suwluk]

Bir ýere gidilende göterilýän iýmit önümleri, ýol iýmidi.

  • Çary aga işçileri azyk-suwluk bilen üpjün edýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Sähet daň bilen turup, öz adamlary bile ýola düşmek üçin, azyk-suwluklaryny düýelere ýükleşdirmek işi bilen meşguldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem azyk-suwluk - azyk-suwlugy.