azyk a‧zyk at

[a:zyk]

Iýmit üçin gerek bolan önüm, iýmit.

  • Bular çölde goýun bakyp ýörkäler, bularyň azyklary tükenýär. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Ilat üçin senagat we azyk harytlary hem şol ýoldan daşalýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem azyk - azygy.


Duş gelýän formalary
  • azyga
  • azygam
  • azygy
  • azygym
  • azygymy
  • azygymyz
  • azygyn
  • azygyny
  • azygyny-da
  • azygynyň
  • azygyň
  • azygyňy
  • azygyňyzy
  • azykda
  • azykdan
  • azykdyr
  • azyklar
  • azyklary
  • azyklary-da
  • azyklarymy
  • azyklaryny
  • azyklaryň
  • azykly
  • azyklyk
  • azyklykdan
  • azyksyz