[a:zmak]
Ýoldan çykmak, ýoluňy urdurmak, ahlak taýdan bozulmak.
Şu hili ýagdaýda iň abraýly maşgalanyň hem azmagy mümkin-diýdi. (N. Jumaýew, Ak derek)
Durmuşda azan abraý gaçyrýar. («Tokmak» žurnaly)
Gyzyl görse, hydyr azar. (nakyl)
Çişmek, beterlemek, simlemek (ýara hakda).
Onuň elindäki ýara azypdyr.