[aza:r]
Agyry, yza, kesel, dert.
Onuň endamynyň azarlarymy, ýa-da pikir-hyýaly ony horlaýarmy, garaz, Gurduň gözüne uky gelmeýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Horluk, azap, jebir, kynçylyk.
Olaryň azarlaryny bize ýetirmeýärler.
Günbe-günden beterläp, Artýardy meň azarym. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)
Biz çekilen azarlaryň tiz soňuna çykdyk. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Birahat etmek, ynjalyk bermezlik, horlamak, ynjatmak.
Gyzka Amansoltanyň Nepese azar berýän, gödek degişýän wagtlary bolýardy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Dert bolmak, iş bolmak.
Emma welin, men şeýle erbet garagolçulygym sebäpli Gurban aga uly zyýan berenime, ile-güne hem uly azar bolanyma, öz janymy gynanyma düşündim. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Alada, ünji etmek, ynjalyksyzlanmak.
Siz azar edinmäň, meniň agyrýan ýerim ýok. (M. Gorkiý, Ene)
seret azar edinmek azar edinmek
Azara galyp geleniňiz üçin köp sag boluň! («Tokmak» žurnaly)
Aladalandyrmak, görgä goýmak.
Agyr ýaraly teni, Azara goýdy meni. (A. Kekilow, Söýgi)