azap at

[aza:p]

Çekilýän jepa, görgi, jebir, kynçylyk.

  • Gowaçanyň ynjyklygy, azaby, zähmeti hakynda aýdanlaryň dogry. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Hyýalymda seni her hili bezäp. Gündizler yşkynda çekýärin azap. (A. Haýydow, Gök asman)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem azap - azaby.