[a:zajyk]
Birnemejik, birazajyk, köp däl, az-kem.
Bulutsyz tämiz howada azajyk öwüsgin bardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Azajyk gaýgyny iş basar, azajyk agyryny-aş. (nakyl)
Uly bolmadyk, gysgajyk, uzyn däl.
Manysy azajyk, sözi ep-esli, Köpden köp ýazmaga ökdedir ökde. (Mollamurt, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem azajyk - azajygy.