[a:wy]
Zäherleýji, öldüriji madda, zäher.
Aragyna awy guýup hem öldürerler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Agyry, yza.
Artyk öz ýüreginde awy diýdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýaranyň awusy bar.
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem awy - awusy.