[a:wuly]
seret zäherli
Bu jaýda bir hili erbet dermanlar saklanypmy ýa-da awuly gazlaryň synag edilýän jaýymy, näme-de bolsa bir erbet ysy bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Awuşap duran, agyryp duran, ýiti agyryly.
Awuly ýara.
Elhenç aýazly howa hakda.
Göçme manyda Zyýanly, ajy, ýakymsyz.
Munuň garşy bolup edip biljek zady hem ýok weli, käwagt awuly dilini ýetirip durýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Içiniň ýelini kemally dökmedik Gulluhan awuly söz urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)