[a:wlamak]
Meýdan haýwanlaryny guşlary atmak ýa-da başga ýol bilen tutmak, aw etmek.
Gowaklarda ýaşaýan we haýwanlary daş bilen urup awlaýan wagşy adamlar hakyndaky gürrüň. (M. Gorkiý, Ene)
Biz keýik awlamaga gitmek üçin taýýarlanýardyk.
Ilkidurmuş adamlary haýwanlary üýşüşip awlapdyrlar. (Gadymy dünýä taryhy)
Birini ýa-da bir zady yzarlamak, yzyna düşmek.
Ýaý ýaly gara gaş, ok deý kirpikler, Awlajaga meňzeýär golaý ýeteni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
seret göwün
Jeren nähili edende olaryň göwnüni, awlap biljegine düşünmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)