aw aw at

[a:w]

  1. Haýwanlary, guşlary awlamak maksady bilen olary gözleme, yzarlama, şikär.

    • Ol özüniň ak guşagyny biline guşanyp, hemişe daglara awa gidýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Awy oňmadyk şagallar käte-käte uwlaşýardylar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Atmak ýa-da başga hili ýol bilen tutulýan çöl haýwanlary, guşlar.

    • Palawa aw etlerinden atmak bolar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Aý ýigidä «urd-ow! » bu aw urşuň bilen sen meýdanda guş goýmarsyň-diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

aw ganly

Awuň oňandygyny ýa oňmandygyny bilmek üçin aýdylýan aňlatma.

aw janly

Aw oňmady, aw şowsuz.

gyşa aw bolmak

seret gyş

  • Dowarlaryň birnäçesi gyşa aw boldy. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • awa
  • awady
  • awam
  • awda
  • awdaky
  • awdan
  • awdy
  • awdyr
  • awlar
  • awlara
  • awlardy
  • awlardym
  • awlarmyş
  • awlary
  • awlaryn
  • awlaryndan
  • awlaryny
  • awlarynyň
  • awlaryň
  • awly
  • awsyz
  • awy
  • awy-da
  • awydyr
  • awymy
  • awymyz
  • awymyzam
  • awyna
  • awyndan
  • awyny
  • awynyň
  • awyň
  • awyňy
  • awça