atym a‧tym

  1. Bir zadyň bir ýola atar ýaly mukdary, bir zadyň bir ýola kabul edilýän mukdary.

    • Atym çaý -- diýip, goňşularyna gitdi.

  2. Tüpeň bilen atmak üçin mümkin bolan aralyk, okuň kär edip biljek aralygy.

    • Keýikler atyma gabat gelende, tüpeň tarkyldady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • atyma
  • atymam
  • atymdan
  • atymlara
  • atymlygy
  • atymlyk
  • atymlykda
  • atymy
  • atymy-da
  • atymyna
  • atymynda
  • atymyny
  • atymyň