Gowy atmaklygy öwrenmeklik, atmaga türgenleşenlik, mergenlik.
Onuň iň gowy görýän kružoklarynyň biri-de atyjylyk kružogydy. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)
Belki seň ýadyňda owal ýazypdym, Atyjylyk nyşanyny alanmy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem atyjylyk - atyjylygy.