asyl a‧syl at

  1. Düýp çykyş, döreýiş, hakyky boluş, başlangyç.

    • Gyzgalaňly çagda ýatlar aslyn. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Ol Wepanyň aslyna beletdi.

  2. Hakyky, esasy, ilkinji, original.

    • Asyl nusga.

  3. Hiç, hiç wagt, düýbünden.

    • Ol asyl gapymyzdan gelenok. («Mydam taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem asyl - asly.

asyl söz

seret söz


Duş gelýän formalary
  • asla
  • aslam
  • aslamy
  • asly
  • aslydyr
  • aslym
  • aslyma
  • aslymy
  • aslymyz
  • aslymyza
  • aslymyň
  • aslyn
  • aslyna
  • aslynda
  • aslyndan
  • aslyny
  • aslynyň
  • aslyň
  • aslyňa
  • aslyňy
  • aslyňyz
  • asyldy
  • asyldylar
  • asyllary
  • asylly
  • asyllydy
  • asyllygyň
  • asyllylaryň
  • asyllylygy
  • asyllylygymyzyň
  • asyllylygyna
  • asyllylygyň
  • asyllylyk
  • asyllylykdyr
  • asyllysy
  • asylsyz
  • asylsyza
  • asylsyzlyk