asudalyk a‧su‧da‧lyk

[a:su:dalyk]

Ümsümlik, parahatlyk, dynçlyk, azatlyk, rahatlyk, erkinlik.

  • Asudalyk bozuldy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Ondan soňra asudalyk aralaşdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem asudalyk - asudalygy.


Duş gelýän formalary
  • asudalyga
  • asudalygy
  • asudalygyna
  • asudalygyny
  • asudalygynyň
  • asudalygyň
  • asudalykda
  • asudalykdy
  • asudalykmy