[arza:nlatmak]
Nyrhyny peseltmek, arzan etmek, bahasyny aşaklatmak.
Köp ulanylýan önümleriň bahalaryny barha arzanlatmak işi barada degişli çäreler görülýär.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem arzanlatmak - arzanladýar, arzanladar, arzanladypdyr.