Gereginden agdyk, köp, artyk, süýşük.
Daýhanda malyna emlemäge artykmaç galla nirede? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gylýallaň hem düýeleň näçe bolsa plany, Bizde artykmaç bolýa, sizde nähili, dostum? (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Ajaýyp, gowy, oňat, gözel, tapawutly, aýratyn.
Gereksiz, biderek, gereginden artyk.
Aşyryň oňa artykmaç azar beresi gelmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Mundan beýläk, indi, dagy.
Töwerekdäki eýmenç görnüşe artykmaç çydaman, Artyk içerik girdi. Artykmaç çydara hiç kimde takat galmadyk ýaly göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem artykmaç - artykmajy.