Artyp galdyrmak, süýşürmek.
Köpeltmek, sanyny ösdürmek, üstüne goşmak.
Tygşytlylyk daýhanyň açar ýoluny, Güýçlendir hojalyk, artdyr malyny. (Mollamurt, Saýlanan eserler)
Ýokarlandyrmak, güýçlendirmek.
Hamanyň düýbünden turan agy sesi ol gussany has hem artdyrdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Birine süpürtmek, arassalatmak, tämizletmek.
Döle artdyrmak. Ýataklary artdyrmak.
Gabygyny aýyrtmak, daşynyň hamyny soýdurmak.
Käşir artdyrmak. Sogan artdyrmak.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.