arkan 1

Simden ýa-da süýümden işilip edilýän ýogyn ýüp.

arkan 2

[arka:n]

  1. Arkanlygyna, arkasyna, ýagyrnysy aşak, ýeňse.

    • Ili aldap, arkan düşüp ýatanlar, Pagtalyk diýip birin ikä satanlar. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

    • Ol boýnunyň sandyrawuk hem güýçli hereketi bilen kellesini arkan taşlady. (M. Gorkiý, Ene)

    • Çüýşegöz kükregine çenli ýorgany çekip, arkan düşüp kuşetkanyň üstünde ýatyrdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Bir zadyň yzyna, tersine tarap.

    • Oturgyjyň ýagyrnyňa söýget berýän ýeri arkan ýazylyp gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Duşmanlaryň gatyrlary, ýabylary ürküp, arkan serpdiler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Uçup gelýän guşlar arkan serpikdi.


Duş gelýän formalary
  • arkana
  • arkanlar
  • arkanlygyma
  • arkanlygyna
  • arkany
  • arkanyndan
  • arkanyň
  • arkanyňky