Giň sagryly, giň ýagyrnyly, arkasy uly bolan (mal hakynda).
Arkaly at. Arkaly ulag.
Tapawutly, gowy, giň.
Sen ol işleriň birinde hem durman gitdiň, şindem başlyk arkaly adam. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Bolsa-da gelin örän arkaly we asylly maşgala ekeni. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Tarapdary bar bolan, goldawly, daýançly.
Men bikärleri halamasam-da, saňa gezek gelende gaty arkalydyryn. («Mydam taýýar» gazeti)
Arkaly köpek gurt alar. (nakyl)
«Kömegi bilen, üsti bilen» diýen manylarda gelýän poslelog.
Biz ony diňe familiýasy arkaly tanaman, ähli keşbinden hem tanaýardyk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bakteriýalary mikroskop arkaly görmek bolýar.