Göwräniň eginden inçe bile çenli bolan tutuş bölegi.
Arkasy mähnet torbaly, gara dere batyp, bir aýal gapdalymyzdan geçip gitdi. («Tokmak» žurnaly)
Lälik çaga ýaly, hemişe arkaňyz sypalap durar öýdýämisiňiz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Deşli garrynyň arkasy çygjarýardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Bir zadyň syrt ýüzi, ters ýüzi, ýeňsesi, yz tarapy.
Nirdendir arka tarapda göz ýetmeýän bir ýerden uzaga atýan agyr toplar gazaply sesleri bilen ýolbars ýaly arlaşýardylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Öýüň arka ýüzi.
Göçme manyda Daýanç, goldaw, hemaýat.
Baýlaryň hileli düwnüni çöşüp, Garybyň arkasyn çalandan seçiň! (Mollamurt, Saýlanan eserler)
Sen, gardaş, adamlara gowy arka durýarsyň. (M. Gorkiý, Ene)
Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar. (nakyl)
Ol kakasynyň arkasyndan abraý gazanjak bolýar.