[a:rgynlyk]
Argyn, ýadaw halda bolmaklyk, ýadawlyk.
Siziň polkuňyzda argynlyk duýulmaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýetginjekler we jahyllar bolsa argynlyklaryna garaman, iki topara bölünip, pökgi oýnaýardylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem argynlyk - argynlygy.