arassalamak işlik

  1. Tämizlemek, biriniň ýa bir zadyň ýüzündäki kiri, hapany aýryp arassa etmek.

    • Garnyny ýaryp, içini-bagrym arassaladylar. («Görogly» eposy)

    • Köwşi arassalamak.

  2. Gabygyny soýmak, daşyny artmak, bir zadyň gereksiz, hapa ýerini aýyrmak, artmak.

    • Sogan arassalamak. Ýörite maşynda pagtany arassalamak.

  3. Saplamak, durlamak.

    • Spirti arassalamak.

  4. Göçme manyda Ýat elementlerden halas etmek.

  5. Gepleşik dili Ogurlap lüt goýmak.

    • Ogrular öýde zat goýman arassalapdyrlar.


Duş gelýän formalary
  • arassalady
  • arassalady-da
  • arassaladyk
  • arassaladylar
  • arassaladym
  • arassaladyňmy
  • arassalajakdygyny
  • arassalalyň
  • arassalam
  • arassalama
  • arassalamadyk
  • arassalamaga
  • arassalamagy
  • arassalamagyň
  • arassalamak
  • arassalamakda
  • arassalamakdan
  • arassalamakdyr
  • arassalamaklyga
  • arassalamaklygy
  • arassalamaklygyň
  • arassalamaklyk
  • arassalamaly
  • arassalamalydyr
  • arassalaman
  • arassalamany
  • arassalamanyň
  • arassalan
  • arassalanda
  • arassalandan
  • arassalandy
  • arassalanlarynda
  • arassalanlaryndan
  • arassalansoň
  • arassalany
  • arassalanyndan
  • arassalanyňda
  • arassalanyňdan
  • arassalap
  • arassalapdy
  • arassalapdyr
  • arassalapdyrlar
  • arassalar
  • arassalardy
  • arassalaý
  • arassalaýan
  • arassalaýanam
  • arassalaýandygy
  • arassalaýandygyny
  • arassalaýar
  • arassalaýardy
  • arassalaýarlar
  • arassalaýarys
  • arassalaýyn