arassa

  1. Tämiz, päkize, hapa bolmadyk.

    • Suw, köpräk suw, arassa esgi, pamyk getiriň-diýdi. (M. Gorkiý, Ene)

    • Arassa jaý. Arassa depder. Gözel pagtany gaty arassa ýygýar.

  2. Dury, açyk.

    • Arassa, tämiz howa pikir-zehiniň açýar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Bahar ertiri dek arassa göwün, Çagalar okýarlar, alarlar ylym. (A. Haýydow, Gök asman)

    • Arassa asman.

  3. Sap, goşantsyz.

    • Arassa spirt.

  4. Göçme manyda Päk, akýürekli, ahlak taýdan tämiz.

    • Gülsoltan örän arassa, gülden hem päk gelir. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • arassadan
  • arassady
  • arassadygy
  • arassadygyna
  • arassadygyny
  • arassadyr
  • arassadyň
  • arassaja
  • arassalam
  • arassalar
  • arassalardy
  • arassalaýyn
  • arassalyga
  • arassalygy
  • arassalygydyr
  • arassalygyna
  • arassalygynda
  • arassalygyndan
  • arassalygyny
  • arassalygynyň
  • arassalygyň
  • arassalygyňa
  • arassalyk
  • arassalykda
  • arassalykdan
  • arassanyň