[a:ralyk]
Iki zadyň arasy, ortalyk.
Onuň telpeginiň etegi bilen maňlaýynyň aralygy örän gysby görünýärdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Aralykda şorluk giň meýdan bardy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Aradaşlyk.
Aşgabat bilen Moskwanyň aralygy indi 4 sagatlyk ýol boldy.
Umumy, ortalyk, hemmelere degişli bolan.
Aralyk mal. Aralyk zat.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aralyk - aralygy.