[a:ralamak]
Uruşýanlary biri-birinden aýyrmak, aralaryna düşmek.
Bularyň galmagalyna beýleki ýoldaşlarynyň biri turup aralajak bolsa, ýanyndaky ýoldaşy sakgalyndan tutýan ýaly bolupdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Çoluk baryp aralaýança, ýoldaşlary ony mazalyja çeýnäpdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Uruşýanlary aralamak.
Göçme manyda Daraklamak, daramak.
Rybin ýüzüni aşak salyp, sakgalyny barmaklary bilen haýat aralamaga durdy. (M. Gorkiý, Ene)