[a:ralaşmak]
Aralamaga kömekleşmek.
Arasyna, ortasyna girmek, ýakynlaşmak, golaýlaşmak.
Garaňky gatlyşmazyndan öň oba aralaşmak gerekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Duşmanyň çabga ýaly ýagýan okunyň astynda bular jylgaly gerişlere aralaşdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Göçme manyda Başlanmak, golaýlamak, peýda bolmak, ýetip gelmek.
Ümsümlik aralaşdy. (M. Gorkiý, Ene)
Şonda ýüregine gyssanmaçlyk hem aralaşýardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Iňrik garalmagy bilen bilelikde, mawy asmandan ýere ýakymly bir salkynlyk-da aralaşýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)