Açyk, aýdyň, düşnükli; gowy görünýän, takyk, mälim.
Iň asyllysy hem öz sowallaryna anyk jogap eşitjekdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem anyk - anygy.
Düýp sebäbini bilmek, doly takyklamak.
Men seniň bilen şu gün agşam bellisini etjek, seniň işlejegiň bilen işlemejegiň anygyna ýetjek. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)