Berkligi bilen tapawutlanýan, ýaldyrawuk, reňksiz, gymmat bahaly daş.
Hatda almaz gaşly bir ýüzük-de alyp, barmagyna dakdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Elimde gylyjym, almazdan ötgür, Atym ýyldyrym dek uzaga gitgir. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Şu daşyň bölejigi berkidilen aýna kesýän gural.
Aýnany almaz bilen kesmeli.
Gepleşik dili Sakgal syrmak üçin polatdan ýasalan üç deşiklije ýasy we ýukajyk päki.
Sakgal syrar ýaly almazyň ýokmy? («Tokmak» žurnaly)