Eliňde ýerleşdirmek, eliňde ýa-da başga bir ýeriňde saklamak.
Garry stoluň üstündäki jamy alyp, içini suw bilen çaýkady. (M. Gorkiý, Ene)
Belli şertlerde haýsy-da bolsa bir maksat bilen kabul etmek.
Harby gulluga almak.
Bir zada eýe bolmak, gola salmak, özüňe boýun egdirmek.
Duşmanyň ýaraglaryny zor bilen aldyk.
Tölemek, bermek (baha hakda).
Her adamdan näçe alýar?
Ýanyň bilen göterip gitmek.
Ol ugrajak bolanda, çemedan, ýorgan-düşek hem aldy.
Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän isimleriniň manysy bilen baglanyşykly hereket aňladýar.
Dynç almak, garşy almak, salgy almak, dem almak.