Adamyň, haýwanyň eňeginiň aşagy.
Onuň ýaňaklary dylçaryp, alkymy goşalanyp görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Nartäjiň alkymyndaky gülýaka bolsa gün şöhlesi bilen çaknyşýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Biriniň ýakyn ýany, gapdaly, golaýy.
Olar oturyp ine-gana maslahat etdiler, men edil alkymlaryna baryp diňledim. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bokurdagyndan tutmak; sözde utmak, sözde ýalanyny çykarmak.
Baýrama ýumrugyny çenände, Gandymyň güýçli eliniň gabarçykly aýasy onuň alkymyndan aldy. («Edebiýat»)