Birine karz berlen pul ýa başga bir zat.
Talap edişmeli bolsa, biz hem köne mirasymyzy, emläklerimizi, algylarymyzy talap etmeli bolarys. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gowaçadan azu-köp tohum almak mümkin bolsa-da, ýorunjadan tohum almak, edil gedaýdan algyňy alan ýalydyr. (N. Jumaýew, Ak derek)
Açda algyň, bege bergiň bolmasyn. (nakyl)
Nähak öldürilen hossaryň üçin gandar tarapyňdan ar almak, öç almak ýagdaýy.
Başyny etegine salyp gelen adama gan algyň bolsa-da geçilýändir! -- diýmegi, Halnazary has hem köşetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)