aldyrmak işlik

  1. Başga bir adamyň üsti bilen bir zat almak, edinmek.

    • Matany Merede aldyrdym.

  2. Ogurlatmak.

    • Jübiňdäki puluňy aldyrmak.

  3. Ýitirmek, gidermek.

    • Gury saman tapman, barja gurbuny hem aldyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýogsam bu ýerzeminde ýatyp, bütin ýoldaşlarymyzy ýeke-ýekeden aldyrmagymyz mümkin. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  4. Agyzlandyrmak, emmegi öwretmek, emdirmek (owlak-guzy, göle we ş. m. hakda).

    • Ogulnäzik! -- diýip, guzulary enelerine aldyrmak işi bilen hysyrdanyp ýören bir aýala gygyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

aldyrany bar ýaly

Örän gyssagly, örän howlukmaç.


Duş gelýän formalary
  • aldyraly
  • aldyran
  • aldyranda
  • aldyrandygyna
  • aldyrandygyny
  • aldyrandyklary
  • aldyrandyklaryny
  • aldyrandyr
  • aldyranlary
  • aldyranlaryna
  • aldyranlarynda
  • aldyranlaryny
  • aldyransoň
  • aldyrany
  • aldyranymdan
  • aldyranyna
  • aldyranyny
  • aldyranyňda
  • aldyrar
  • aldyraýmaly
  • aldyrdy
  • aldyrdyk
  • aldyrdylar
  • aldyrdym
  • aldyrdyň
  • aldyrdyňmy
  • aldyrdyňyz
  • aldyrjak
  • aldyrjakdy
  • aldyrjakdym
  • aldyrjakmy
  • aldyrma
  • aldyrmady
  • aldyrmadyňyz
  • aldyrmaga
  • aldyrmagy
  • aldyrmagymyz
  • aldyrmajagy
  • aldyrmak
  • aldyrmakda
  • aldyrmakdan
  • aldyrmaly
  • aldyrmalydyr
  • aldyrmalydyrlar
  • aldyrman
  • aldyrmasa
  • aldyrmaz
  • aldyrmazdan
  • aldyrmazdy
  • aldyrmazdym
  • aldyrmazlygyň
  • aldyrmazlyk
  • aldyrmaýan
  • aldyrmaýar
  • aldyrmaýarlar
  • aldyrmaň
  • aldyrsa
  • aldyrsa-da
  • aldyrsak
  • aldyrsaň
  • aldyryp
  • aldyrypdy
  • aldyrypdyr
  • aldyrypdyrlar
  • aldyrypdyryn
  • aldyrýan
  • aldyrýandygyny
  • aldyrýar
  • aldyrýardy
  • aldyrýardylar
  • aldyrýarlar