aldawçylyk

[a:ldawçylyk]

Mydama ýalan sözlemeklik, aldamak bilen meşgul bolmaklyk.

  • Rehimsizligi, hyrsyzlygy, aldawçylygy bilen ýüze çykdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Olaryň elmydama aldawçylyga, sözde ýuwmarlamaklyga, zor aýakdanlyga we sypajaňlyga ýüzlenýändiklerini durmuş görkezýär. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

  • Ata, sen şu aldawçylygy goý!

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aldawçylyk - aldawçylygy.


Duş gelýän formalary
  • aldawçylyga
  • aldawçylygy
  • aldawçylygyna
  • aldawçylygyň
  • aldawçylykdan
  • aldawçylyklar