aldaw at

[a:ldaw]

Hile ýa ýalan söz, galp hereket, nädogry söz.

  • Eýsem, bu bulançaklygyň sebäbi näme? Elbetde, dünýäniň aldawy, albaýy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

aldawa salmak

Aldanmaga sezewar etmek, aldatmak.

  • Elbetde, garra öz ýalňyşyny düşündirmek, ony aldawa salýan adam bar bolsa, şony aýtdyrmak, oňa çäre görmek zerurdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • aldawa
  • aldawda
  • aldawdan
  • aldawdyr
  • aldawlar
  • aldawlaryna
  • aldawly
  • aldawmy
  • aldawy
  • aldawyna
  • aldawyndan
  • aldawyň
  • aldawyňa
  • aldawyňdan
  • aldawyňmyka