aldanmak işlik

[a:ldanmak]

Aldawa düşmek, birine özüňi aldatmak, ýalan habara, nädogry zada ynanmak, aldawa gitmek.

  • Möjek özüniň aldananyny bilip, başyny aşak salyp, seňkildäp gidiberenmiş. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Indi aldanmagyň geçendir wagty. (Mollamurt, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • aldanan
  • aldanandan
  • aldanandygymyzy
  • aldanandygyna
  • aldanandygyny
  • aldanandyklaryna
  • aldanandyklaryny
  • aldananlaryň
  • aldananym
  • aldananyny
  • aldananyň
  • aldanarsyňyz
  • aldanaýyn
  • aldandygyny
  • aldandym
  • aldandym-da
  • aldandyr
  • aldandyň
  • aldanlygy
  • aldanma
  • aldanmadylar
  • aldanmagyn
  • aldanmagyna
  • aldanmagyň
  • aldanmak
  • aldanmalar
  • aldanmalary
  • aldanmaly
  • aldanman
  • aldanmaz
  • aldanmaýarmyka
  • aldanmaň
  • aldanyp
  • aldanypdyrlar
  • aldanypdyryn
  • aldanýar
  • aldanýarlar
  • aldanýarmyka