alaka a‧la‧ka 1 at

Zoologiýa Syçanlar maşgalasyndan syçana görä ulurak, mele reňkli gemriji haýwan.

  • Biz awa gidenimizde, alakalar, ýalmanlar duş gelýärdiler.

  • Şu gümmeziň gündogar düýbünde bir alaka ýaşaýar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Ine, birdenkä sarymtyl alakalar eserdeňlik bilen durup, daş-töwerege garanjaklaşdylar. (N. Jumaýew, Ak derek)

alaka a‧la‧ka 2 at

Gepleşik dili Aragatnaşyk, baryş-geliş.

  • Onuň Meret bilen öňden alakasy bar.


Duş gelýän formalary
  • alaka-da
  • alakady
  • alakadyr
  • alakalar
  • alakalara
  • alakalarda
  • alakalardan
  • alakalary
  • alakalaryna
  • alakalaryň
  • alakaly
  • alakam
  • alakamy
  • alakany
  • alakanyň
  • alakanyňam
  • alakasy
  • alakaň