[ala:ç]
Çäre, tär.
Saňa hudaý kömek etsin, belkä-de, alajyny-çäresini taparsyň, belki hudaý! (M. Gorkiý, Ene)
Her taraplara sürüp gördüm, hiç alaç bolmaýar. («Görogly» eposy)
Etjek alajyň ýok! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Mümkinçilik, ugur, ýagdaý.
Musa aga, meniň hiçbir alajym ýok! -- diýýär. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Aý, işiňiz şol bolsa, onuň bir alajy tapylar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem alaç - alajy.