alňasak al‧ňa‧sak

Gyssanmaç, howlukmaç.

  • Artyk alňasak ýagdaýda daşary çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ene göwni halamazlyk bilen baş egip: -- Elhepus, alňasakdyklaryny -- diýip, pikir etdi. (M. Gorkiý, Ene)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem alňasak - alňasagy.


Duş gelýän formalary
  • alňasagam
  • alňasakdyklaryny
  • alňasaklyga
  • alňasaklygyňa
  • alňasaklyk