aklanmak işlik

[a:klanmak]

  1. Agardylmak, ak reňk berilmek.

    • Şolaryň üçüsi çig kerpiçden salnan, agaç polly, içi-daşy aklanan jaýdy. (N. Jumaýew, Ak derek)

  2. Günäsiz edilmek, jenaýatkärçilige çekilmekden azat bolmak.

    • Sudda ol aklandy.

  3. Delillendirilmek, mamla edilmek.


Duş gelýän formalary
  • aklanan
  • aklanandan
  • aklandy
  • aklandygy
  • aklanmadyk
  • aklanmaga
  • aklanmagy
  • aklanmagyna
  • aklanmagynyň
  • aklanmak
  • aklanmasyny
  • aklanmazyndan
  • aklanyp
  • aklanypdy
  • aklanypdyr
  • aklanýar