[a:klamak]
Reňkini ak etmek, ak reňk bermek, ak reňke öwürmek.
Jaýlaryň daşyny aklamak.
Jenaýatkär, günäkär adamyň, sud prosesinde degişli deliller bilen günäsizdigini subut etmek, mamla etmek.
Ony sudda akladylar.
Bir işiň dogrudygyny delillendirmek, faktlar, deliller üsti bilen mamla etmek.
Pökgen ýeň bermän, Ýellini aklady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Belki, özüňizi aklamak üçin deliller tapyp goýansyňyz. («Tokmak» žurnaly)
Ol özüni aklamak üçin onlarça deliller getirýärdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Pagtanyň diňe açylanyny ýygmak.