[a:kjarmak]
Ak bolup görünmek, agaryp görünmek.
Onuň gara gazanyň içindäki patrak ýaly, irimçik endigan dişleri akjaryp görünýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Wepa Pýotryň Türkmeni sözlerine ýylgyrdy, şonda onuň ak sadap ýaly dişleri akjardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Reňki solmak, agarmak.
Bu kostýumyň reňki gidip akjarypdyr.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.