[a:k]
Garyň, meliň reňki ýaly reňk, garanyň antonimi.
Ak kagyza keşde çekýäs, Kuwwat berip ellermize. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Ogulgerek onuň gözleriniň içine we ak sakgalyna seretdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Arassa, sap, päkize.
Sud ony ak diýip tapdy.
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ak - agym, agyň.
seret altyn
Ýer ussatlary bu ýeriň her gektaryndan 50 sentner ak altyn almaga çalyşýarlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Saç-sakgalyň agaryp ugramak, saça ak düşmek.
seret pata 2
Gaty gorkmakdan ýa-da utanmakdan ýüzüň reňki gaçmak.
Köp ýola gidensoň şa gyzy, Gorkup ak tam boldy ýüzi. (A. S. Puşkin, Ertekiler)
seret ýol
Ýoluňuz ak bolsun, ýoldaşlar!
Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň-hak. (nakyl)
[a:k]
Süýt-gatyk.
Biz ýazyna goýnuň agyndan garnymyzy ýazdyk.
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ak - agym, agyň.
[a:k]
Arpa-bugdaý.
Men çaga wagtymda-da ak ekilýän ýer şoldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ak - agym, agyň.
[a:k]
Dialektal söz Balyk tutulýan uly tor.
Deňizde ak gurduk.