ajymtyk a‧jym‧tyk

[a:jymtyk]

Biraz ajan, birneme ajy bolan, ajy tagamy duýulýan.

  • Käselere guýlan ajymtyk gök çaýlar bugarýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ajymtyk - ajymtygy.

ajymtyk ýylgyrmak

Gaharly we kinaýaly gülümjiremek.

  • Durdy rahat oturyp bilmedi, ajymtyk ýylgyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ajymtykdan