ajykmak a‧jyk‧mak işlik

[a:jykmak]

galmak, açlygyňy syzmak, iýesiň gelmek, aç bolmak.

  • Şagal bir gün ajykdy, Awuň gözlegne çykdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ajyksaň, çopan ýanyna; suwsasaň, daýhan ýanyna bar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ajykmak - ajygýar, ajygar, ajygypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ajygamok
  • ajygan
  • ajygana
  • ajyganda
  • ajygandyr
  • ajyganymdan
  • ajyganyny
  • ajyganyň
  • ajyganyňda
  • ajygar
  • ajygyp
  • ajygypdy
  • ajygypdyk
  • ajygypdylar
  • ajygypdyr
  • ajygypdyrlar
  • ajygypdyryn
  • ajygypsyň
  • ajygýan
  • ajygýanyny
  • ajygýar
  • ajygýarlar
  • ajygýarys
  • ajykdy
  • ajykdylar
  • ajykdym
  • ajykdyňmy
  • ajykma
  • ajykmagyň
  • ajykmak
  • ajykmaklyga
  • ajykmaklygyna
  • ajykmaklygyň
  • ajykmaklyk
  • ajykmaklykda
  • ajykman
  • ajykmanyny
  • ajykmanyň
  • ajykmaz
  • ajyksa
  • ajyksalar
  • ajyksam
  • ajyksaň