[agza:lalyk]
Agzybir dällik, ylalaşyksyzlyk, oňşuksyzlyk.
Ýaşulularyň käbirleriniň agzalalykdan heder edip, ikirjiňlemegine garaman, köpçülik bolup Halnazardan däne dilemäge müwessa goýdular. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Agzalalyk döredijilikli işe päsgel berýär.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem agzalalyk - agzalalygy.