[a:gyrtmak]
Agyry duýulmagyna sebäp bolmak, agyry syzdyrmak.
Ol ýykylyp aýagyny agyrdypdyr.
Göçme manyda Biriniň göwnüne degmek, birini ynjatmak.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem agyrtmak - agyrdýar, agyrdar, agyrdypdyr.
seret baş 1
Menden başga-da suw barada onuň başyny agyrdan köp eken. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Sen biziň başymyzy agyrtma-da, derdiňi aýt! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)