Agramy köp bolan, ýeňil bolmadyk.
Agyr gozalar öz saldamyna duýlar-duýulmaz yranýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Traktor agyr, ýerinden gozgap bolanok. («Tokmak» žurnaly)
Kynlyk bilen amala aşyrylýan, kyn, köp zähmet we güýç talap edýän.
Programma biçak agyr bolup çykdy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Ýazmak gaty agyr boldy bu haty, Başlajak bolamda ýaýdandym gaty. (A. Kekilow, Söýgi)
Ýakymsyz, ynjalyksyz.
Garaňkyrap barýan agyr howada howlynyň içi onuň ýagty gözlerine dar göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýaman, azaply, ejirli, gaýgyly, çykgynsyz.
Çernyşow agyr ýagdaýda galdy. Kimler agyr günlerini biri-birleri bilen paýlaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Krylowyň çagalygy agyr ýagdaýda geçýär. («Edebiýat»)
Aý, gündür-dä, baý aga! Agyr hem bolsa geçýär. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
San taýdan köp bolan, köp, uly.
Agyr goşun Tejene bakan süýşüp ugrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Agyr zyýan çekmek.
Gorkuly, howply.
Ýazyjy on ýylyny agyr kesel zerarly ýatyp geçirdi. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Köp, gereginden artyk.
Agyr salgyt.
Berk, gaty, rehimsiz.
Hökümden ýüz dönderen adam agyr jeza duçar boljakdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem agyr - agry.
Erbet täsir etmek, örän gynandyrmak.
seret dem
Syrkaw agyr dem alýar.
seret nahar
seret söz
Birine-de agyr söz diýmegin. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)
Nury, çagany beýle agyr söz bilen horlama! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret uky
seret ýüz 1
Munuň hem üstesine, onuň hemişe ýüzüniň agyrlygy, gaýduwsyzlygy we duzly dili biziň ýaş akyllarymyza güýçli täsir edýärdi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Gully orta boýly, agyr ýüzli, seýrek gepli gaharjaň bir ýigitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
seret aýak
seret dil 2
Dili agyr eser.
seret gulak