[a:gy]
Bir zada gaty gynanylanda ýa-da gaty agyry zerarly edilýän gözýaş.
Aýallar agy bilen habar berseler-de, Halnazar onuň yzyndan çykman, bus-bus ýaly içerini saklady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Enäniň agysy tutýardy. (M. Gorkiý, Ene)
Ölüm-ýitimde gynanç bildirilip edilýän ses.
Olaryň sazlanyşyp çykýan aýylganç sesleri bütin obanyň içini, onuň töweregini agy bilen doldurdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret ýürek
Eger meniň ýüregimiň şu agysy zamanamyzyň şahyrlaryndan biriniň gulagyna ilen bolsady; belki, gyzykly bir wakany äleme dessan ederdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)